TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ildeşimiz Döwletjanyň nobatdaky tutluşygy

Başa-baş söweş sporty boýunça dürli ýaryşlary gurnaýan “Bellator” guramasy indiki “Gran-Pri” ýaryşynyň ýarym agyr agram derejede boljakdygyny mälim etdi.

“Bellator 256” atly Gran-Pri ýaryşy 9-njy aprelde geçiriler. Ol ýaryşda ilkinji 1/4 çärýek final tutluşyklary bolup geçer. Biziň ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow bu gurama bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

Birinji çärýek final tutluşyklarynda Raýan Beýder – Lioto Maçida, Kori Anderson – Döwletjan Ýagşymyradow arasynda geçiriler. Beýleki ikinji çärýek final duşuşyklary 16-njy aprelde bolar. Ol ýerde çempion Wadim Nemkow – Fil Dewise garşy söweşer we öz çempion kemerini gorar.

Entoni Jonson bolsa Ýoelýa Romero garşy tutluşyk geçirer. Sanalan ähli duşuşyklar ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň “Mohegan Sun” arenasynda geçiriler.

Kori Anderson – Döwletjan Ýagşymyradow arasyndaky geçiriljek tutluşyk hakda aýdanymyzda onda olaryň ikisem 31 ýaşynda. Döwletjan bu guramanyň esasynda ilkinji gezek tutluşygyna çykmagyna garaşylýar.

Kori Anderson dünýä belli “UFC”  gurmasynda yzygiderli çykyş edipdir, geçen ýyl bolsa “Bellator” söweş guramasy bilen şertnama baglaşypdyr. Häzirki wagtda onuň hasabynda 14 ýeňiş we 5 deňme-deňlik bar.

Türgenimiz Döwletjan Ýagşymyradow soňky tutluşygyny 2019-njy ýylda Alekseý Butorina garşy çempionlyk tutlyşygyny geçirýär. Ol ýerde ildeşimiz öz kemerine goramagy başarýar. “MMA JUNKIE” saýtynyň habar bermegine görä, Döwletjan yzygiderli 8 tutluşygynda ählisinde ýeňiş gazanypdyr. Döwletjanyň hasabynda 18 ýeňiş we 5 gezek deňme-deňlik bar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle