TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ilatyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek ýola goýlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler, ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Teswirle