TEHNOLOGIÝA

Iki ekranly “Asus” netbuk kompýuteri satuwa çykar

Iki ekranly “Asus Core i7” netbuk kompýuteri satuwa çykar. Bu kompýuteriň iň esasy aýratynlygy iki ekranynyň hereket edýändigine garamazdan, 22 sagat zarýad saklamaga ukyplydygydyr. Kompýuteriň asyl ekrany bilen dolandyryş düwmeleriniň arasynda 12,6 dýuýmlyk duýgur ekrany ýerleşýär. Kompaniýanyň öndüren bu naýbaşy kompýuteri alyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garaşylýar. “Asus Core i7” iki ekranly kompýuteriň bahasy beýlekilerden gymmat boljakdygy kompaniýanyň resmi saýtynda müşderilere ýetirildi. Emma muňa garamazdan, bu önüme bolan isleg barha artýar. “Asus Core i7” kompýuteri kompaniýanyň häzirki wagta çenli öndüren iň geçginli harytlaryň biri bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar