BILIM

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi.

Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Düýn hytaý wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisine gatnaşdylar. Onuň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijeleri, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar”, “Nanotehnologiýalar, täze materiallary işläp taýýarlamak we öndürmek”, “Biotehnologiýalar, oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar”, “Seýsmologiýa”, “Maglumat we telekommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”, “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri”, “Lukmançylykda we farmakologiýada ýokary tehnologiýalar”, “Ynsanperwer ylymlar” ýaly mowzuklar boýunça pikir alşylar.

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Ýene-de okaň

«Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

Aşgabatda geçirilen III Halkara himiýa olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Türkmenistan-Hytaý: ylym ulgamynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri