TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Igde agajynyň köpeldilişi

 Gündogar igdesi – Igdeler (Elaeagnaceae) maşgalasyna, Elaeagnaus urugyna degişlidir. Gündogar igdesi-Elaeagnaus orientale görnüşi, garny ýaryk, şeker palak, un, nan we jigirdek igde görnüşleri Türkmenistan ýurdumuzda ýetişdirilýär. Gündogar igdesiniň ýabany görnüşleri hem Köpetdagda we Köýtendagda ösýär, boýy 8-10 metre çenli ýetýän agaç ýa-da gyrymsy görnüşli ösümlikdir.

Tohumlary, çybyklary we düýpden çykýan baldaklary bilen köpeldilýär. Nahallary 3-5-nji ýyldan miwe getirip başlaýar. Gündogar igdesiniň ýaşynyň dowamlylygy 60-100 ýyla çenli ýetýär. Gurakçylyga çydamly, sowuga we şorlaşan topraklara durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Gündogar igdesi çybyklary we şänikleri bilen köpeldilip bir ýylyň dowamynda özbaşdak oturtmaga ýaramly nahallary alynýar.

 

HANOWA OGULBEG,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk

uniwersitetiniň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy

 

Ýurdumyzda şalynyň ýokary hasyly öndüriler

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle