Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkiýeli nakgaş-keramikaçy Ibrahim Kuşlunyň eserleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmen sungat ägirtleriniň aglabasynyň jemlenen bu sergisinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, multiplikator Möjek Çaryýew dagy hem bar. Biz hem şol ýerde nakgaşçy Ibrahim Kuşlu bilen söhbetdeş bolduk we şol söhbeti hem saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris.
– Sungata uly sarpa goýýan türkmen halkynyň arasynda sizi görenimize örän şat. Siz bu ýerde ilkinji gezekmi?
– Minnetdar. Hawa, ilkinji gezek gelýärin. Ýöne Türkmenistan ýurdy bilen men kiçiligimden bäri gaýybana tanyş.
– Keramika işinde döredýän eserleriňiziň aglabasy haýsy şekiller?
– Gap-gaçlar. Senetçilik, ýagny küýzeler we olaryň görnüşleri. Galyberse-de, miweleriň şekillerini hem çeperleşdirip, sungat eserlerine öwürmegi halaýaryn.
– Olary nähili nagyşlar bilen bezeýärsiňiz?
– Özüm-ä, milli nagyşlary halaýaryn. Hususan-da, döredýän eserlerimde arheologiki döwri janlandyrmagym halk köpçüliginiň, daşary ýurtly raýatlaryň eserlere bolan islegini has-da artdyrýar.
– Türkmen nakgaşçylaryndan kimleriň eserleri bilen tanyşlygyňyz bar?
– Saragt Babaýew. Ol ussada sarpam uludyr. Köp wagt bäri Saragt aganyň eserleri bilen gyzyklanýardym. Ony türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ägirdi hasaplaýaryn. Bu günki gün maňa şol ägirt bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin men juda bagtly.
– Ibrahim Kuşlu, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Sizi bu ýerde ýeneki günlerde görmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
– Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,
«Atawatan Türkmenistan» halkara
Žurnalynyň habarçysy