DÜNÝÄ

Hytaýyň iň gowy elektronika markalary

“BrandZ” platformasy Hytaýyň iň oňat 50 markasyny öz içine alýan iň soňky reýtingi çap etdi. Şoňa laýyklykda, birinji orny 1,938 bal bilen “Huawei” kompaniýasy eýeledi. Ondan soňra ikinji orunda “Lenovo” kompaniýasy barýar.

“Alibaba Group” bu reýtingde üçünji ýerde durýar. Jek Ma tarapyndan esaslandyrylan bu kompaniýanyň “Lazada”, “UCWeb” we “Alibaba Pictures” ýaly birnäçe kärhanalary bar. Dördünji orunda “TikTok” hyzmaty bilen iň meşhur internet tehnologiýa kompaniýasy “ByteDance” ýerleşdi.

Bäşinji orny dürli görnüşli önüm öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy eýeleýär. Ondan soň bäşinji we altynjy orny eýeleýän “Haier” we “Hisense” kompaniýalary ýerleşdi. “OnePlus” sekizinji orunda durýar, bu kompaniýanyň degişlilikde on ikinji we ýigriminji ýerlerde ýerleşýän “Oppo” we “Vivo” ýaly smartfon öndüriji kompaniýalardan öňe saýlanandygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türki dünýäsiniň sammiti: Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar