TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Hytaýyň çaý medeniýeti ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan çaý taýýarlamak tejribesi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Şu günler Marokkoda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Hünärmenler Hytaýyň “Çaýy gaýtadan işlemegiň adaty usullary we olar bilen baglanyşykly jemgyýetçilik tejribeleri” atly hödürnamany kabul etdiler.

Hünärmenler çaý plantasiýalaryny dolandyrmak, çaý ýapraklaryny ýygnamak, bu içgini elde işlemek we içmek bilen baglanyşykly bilimleri, başarnyklary we tejribeleri ykrar etdiler.

Hytaý halky gadymy döwürlerden bäri çaý ekýär, ýygýar we çaýyň dürli görnüşlerini taýýarlaýar. Öndürijiler bu önümiň alty kategoriýasyny döretdiler, şol sanda ýaşyl, sary, gyzyl, ak, gara we ulun görnüşleri bar. Umuman alanyňda, Hytaýda iki müňden gowrak çaý önüminiň görnüşi bar.

 

Ýene-de okaň

­­­Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-5-nji fewral aralygy

Uzynlygy 70 metre barabar bolan tako tagamynyň rekordy

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara festiwala çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle