TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hytaýyň ilaty 1,4 milliard adamdan geçdi

Hytaýyň ilaty Gonkong, Makao we Taýwan ýaly ýöriteleşdirilen etraplary hasaba alynmazdan, 2019-njy ýylyň ahyrynda 4,67 million adam köpelip, 1,4 milliarddan gowrak boldy. Bu barada Hytaýyň döwlet statistika edarasy habar berýär.

2019-njy ýylda 14,65 million täze doglan çaga hasaba alyndy, ýurtda çaga dogluşyň koeffisienti müň adama 10,48 boldy. Geçen ýylyň dowamynda ýurtda 9,98 million adam aradan çykdy. Ýurduň ilatynyň tebigy köpelişi müň adama 3,34 adam boldy. Erkek raýatlaryň sany 715,27 million, zenanlaryň sany 684,78 million bolup, jemi 1 milliard 400 million 50 müň adama ýetdi.

2018-nji ýylda 16 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky zähmete ukyply ilatyň sany 897,29 milliondan 896,4 milliona çenli azaldy. Bu görkeziji umumy ilatyň 64 göterimine deňdir.

2018-nji ýylyň ahyrky maglumatyna görä, ýurtda ýaşy 60-dan geçen 253,88 million adam bar. Ol hem umumy ilatyň 18,1 göterimine deňdir.

Bir ýylyň dowamynda şäheriň ilaty 17 million köpelip, 848,43 million adama ýetdi. Oba ilatynyň sany bolsa 12,39 göterim azalyp, 551,62 million adama deň boldy. Şäher ilatynyň sany 59,58 göterimden 60,6 göterime çenli ýokarlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle