TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Hytaýlylaryň boýy uzalýar

2015-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli aralykda 18-44 ýaş aralygyndaky erkekleriň we aýallaryň ortaça boýy degişlilikde 1,2 sm we 0,8 sm ýokarlanyp, 169,7 sm we 158 sm boldy. Bu barada HHR-niň saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň resmi wekili habar berýär.

Bu babatda geçirilen barlaglara görä, soňky ýyllarda hytaýlylaryň umumy saglyk ýagdaýy hem-de iýmit derejesi gowulanyp, şäher bilen oba ýerlerindäki görkezijiler babatdaky aratapawut ep-esli azalypdyr.

Ýurduň degişli edaralarynyň maglumatyna görä, sagdyn iýmitlemegiň netijesinde 6 ýaşa çenli we şondan kiçi çagalaryň arasynda boýuň uzamagynyň gijä galmagynyň derejesi 2015-nji ýylda 11,3 göterimden 2020-nji ýylda 5,8 göterime çenli azaldy.

Mundan başga-da, ilat başyna gündelik sarp edilýän duzuň möçberi hem 1,2 gram azalyp, 2020-nji ýylda 9,3 grama deň boldy.

Komitetiň maglumatlaryna laýyklykda, agramy, gan basyşy, gandaky şekeriň derejesi ýaly saglyk görkezijilerini yzygiderli ölçemek üçin ýüz tutýan adamlaryň paýynda ep-esli ösüş boldy.

 

 

2 ýarym ýyldan soňra ilkinji awiagatnaw

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle