SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýdan pandemiýa garşy 3 milliardlyk kömek

Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti pandemiýa garşy göreşmek üçin ösüp gelýän ýurtlara 3 milliard dollar maliýe kömegini bermegi meýilleşdirýär.

Hytaý bu babatda 300 million doza möçberinde waksina kömegini etdi we mundna beýläk-de öz güýjüniň ýetidiginden şeýle lukmançylyk serişdeleriniň kömegini bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada HHR-iň Başlygy Si Szinpin habar berdi.

Hytaýyň hökümeti öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda ösüp gelýän ýurtlara pandemiýa we onuň ykdysadyýete ýetiren täsirini azaltmak üçin alnyp barylýan göreş üçin 3 milliard dollar maliýe kömegini göz öňünde tutýar.

Si Szinpiniň aýtmagyna görä, Hytaý häzirki wagtda dürli ýurtlara 300 million doza Kowid-19-a garşy sanjym berdi we ýene-de şeýle serişdeleriň köp möçberini bermegi meýilleşdirýär. Şeýle hem Hytaýyň hökümeti ösüp gelýän ýurtlarda waksina önümçiligi üçin tehnologiýa kömegini hem bermegi meýilleşdirýär.

 

Türkmenistanda Kowid-19-a garşy sanjymlar alnyp barylýar

 

Ýene-de okaň

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady