TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hytaýda ýürek şekilli teňňe dörediler

Hytaý Halk Respublikasynyň merkezi banky söýgüniň hatyrasyna täze ýürek şekilli «söýgi we mähir» atly teňňäni döretdi. Bu teňňe 20-nji maýda halka ýetiriler. Ýürek şekilli teňňelerde gelin perdelerini geýen zenanlar we orhideýa gülüniň şekilleri ýerleşdiriler. Hytaýyň milli dizaýn şekillerini özünde jemleýän bu teňňeler az mukdarda çykaryldy. Bu habar sosial mediýanyň üsti bilen ýurduň ähli künjegine ýaýrady şol sanda daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň üsti bilen beýleki okyjylara ýetirildi. Ýürek şekilli teňňäniň döredilmegi ýurtda söýgä uly sarpa goýulýandygyny şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende bellesek, Hytaýda 20-nji maý san bilen “5/20” şeklinde ýazylýandygy sebäpli “520” sanynyň Hytaýda “Seni söýýarin” diýen manyny aňladýandygy bellenip geçilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle