SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda çagalar üçin waksina bellige alyndy

Hytaýyň ýörite hukukly edaralary «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan «CoronaVac» waksinasynyň 3 ― 17 aralygyndaky çagalar üçin niýetlenen görnüşini hasaba aldy we ony ulanmaga rugsat berdi. Bu barada «Global Times»-iň habarlarynda aýdylýar.

Täze waksina bellige alnan hem bolsa, neşir onuň haçan urlup başlanyljakdygy barada belli bir maglumaty getirip bilmedi.

«Sinovac» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory In Weýdun bolsa çagalara niýetlenen «CoronaVac» waksinasynyň howpsuzlygyna kepil geçdi. Täze waksina meýletinçileriň ýüzlerçesinde geçirilen synaglarda oňyn netije görkezdi.

«Global Times» ulular üçin niýetlenen «CoronaVac» waksinasynyň ddünýäniň 48 döwletinde bellige alnandygyny (şol sanda Türkmenistanda hem) ýazýar. Şu aýyň başynda BSGG hem bu waksinany resmi taýdan ykrar edip, ony ulanmagy maslahat berdi.

 

Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz goruny tapdy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar