SPORT

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin yklymyň iň iri ýaryşyny açyk diýip yglan etdi.

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Raja Randhir Singh, Kambojanyň Patyşasy Norod Sihamon, Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Asad, Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy şeýh Meşal al-Ahmad al-Jaber as-Sabah, Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dak Su, Malaýziýanyň Mejlisiniň Başlygy Johar bin Abdul, Bruneý Soltanynyň wekili şazada Haji Sufri Bolkiah, Katar Emiriniň wekili şeýh Joaan ben Hamad bin Halifa Al-Tani, Iordaniýanyň şazadasy Feýsal bin Huseýn, Tailandyň şazada gyzy Siriwannawari we beýlekileri gatnaşdy.

Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. Hytaý mundan ozal, 1990-njy ýylda Pekin şäherinde we 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde Aziýa oýunlaryny kabul edipdi.

Aziýa oýunlaryny Hançžouda geçirmek karary 2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 34-nji Baş Assambleýasynda Aşgabatda kabul edilipdi.

Hytaý Halk Respublikasy XIX Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde Hançžou şäheriniň saýlanyp alynmagyndan soňra bu şäheri yklymyň iň iri ýaryşyna taýýarlamak üçin 8 ýyl taýýarlyk gördi. Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäherinde köp sanly sport desgalary taýýar edildi.

23-nji sentýabr-8-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Aziýa oýunlarynda sportuň 40 görnüşi boýunça 481 ýaryş geçiriler.

Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin sportuň 9 ugry boýunça ýaýdan ok atmak we tennis ýaly sport görnüşlerinden 74 orun üçin ýaryşlar guralar.

Hytaý Halk Respublikasy 886 türgen bilen gatnaşyp, sportuň 38 görnüşi boýunça 407 ýaryşa gatnaşarlar.

ürkmenistan Aziýa oýunlaryna sekizinji gezek abraýly wekillerini iberýär. Onuň düzümine 104 adam, şol sanda 67 türgen girýär. Biziň türgenlerimiz sportuň 11 görnüşi: basketbol 3×3, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate-do, ýeňil atletika, ýüzüş, agyr atletika we uşu boýunça çykyş ederler.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Messi XXI asyryň iň güýçli futbolçysy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy

Türkmenistan 3-nji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy