TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hytaý Merkezi Aziýadan takmynan 5 million tonna tebigy gaz import etdi

2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda Hytaý Merkezi Aziýadan 4,67 million tonna tebigy gaz import etdi. Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň maglumatlaryna salgylanyp, ýöriteleşdirilen habar beriş serişdeleri habar berdi.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasyndan akýan mawy ýangyç häzirki wagtda Hytaýyň 20-den gowrak welaýatynyň we awtonom sebitleriniň ýaşaýjylarynyň isleglerini üpjün edýär. Bu ýurduň 500 milliondan gowrak raýaty ekologiýa taýdan arassa tebigy gaz ulanýar.

2021-nji ýylda Hytaý Merkezi Aziýadan tebigy gazyň importuny 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12% ýokarlandyrdy. Import takmynan 31,733 million tonna tebigy gaz boldy.

Pekiniň kömürden arassa energiýa görnüşlerine geçmek syýasaty sebäpli Hytaý her ýyl tebigy gazyň köp mçöberini sarp edýär. Munuň netijesinde Hytaý tebigy gazy dünýäde iň uly satyn alyjydyr we hünärmenleriň pikiriçe, bu ornuny güýçlendirýär.
Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz eksport edýän esasy ýurt bolmagynda galýar. Suwuklandyrylan gaz üpjünçiligi boýunça öňdebaryjylar Awstraliýa, ABŞ we Katardyr.

 

ÝTÖB Derweze kraterindäki ýanýan gazy söndürmäge goldaw bermekçi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle