Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministrligi habar berdi.
Türkmenistan bu duşuşyga söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew bilen wekilçilik etdi. Şeýle hem onlaýn duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew, Hytaýyň söwda ministri Wan Wentao, Gazagystanyň wise-premýeri-söwda integrasiýa ministri Serik Žumangarin, Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministri Zawki Zawkizoda we Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow gatnaşdy.
Hytaýyň başlangyjy bilen geçireln duşuşkda çykyş eden Hytaýyň söwda ministri Wan Wentao öz ýurdunyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna goýberen göni maýa goýumlarynyň möçberiniň geçen ýylyň ahyrynda 15 milliard dollara golaýlandygyny belledi.
Ministriň aýtmagyna görä, Hytaý we sebitiň ýurtlary nebitgaz ýataklaryny gözlemek, gaýtadan işlemek we önümçilik, sanly tehnologiýalar ýaly ugurlarda birnäçe hyzmatdaşlyk taslamalaryny ýola goýdy.
Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ýagdaýda saklanyp gelinýär. Şu ýylyň 2 aýynda haryt dolanyşygy 22 göterim artdy.
Geçen ýyl Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 70,2 milliard dollara deň boldy. 2022-nji ýylda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan import eden oba hojalyk, energetika we mineral önümleriniň möçberi 50 göterim artan bolsa, şol bir wagtda Hytaýyň eksport eden elektron harytlarynyň möçberi hem 42 göterim ýokarlandy.
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ministrleri söwda we maýa goýumlary, sanly ykdysadyýet, ýaşyl ösüş we üstaşyr ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şeýle hem ýurtlar hytaýly sarp edijileri Merkezi Aziýanyň harytlary bilen tanyşdyrmak üçin elektron söwda kampaniýasyny başlatmagy meýilleşdirýärler. Bu çäre, Hytaý-Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynyň sammitinde, maý aýynda Sian şäherinde geçiriler.