SIZDEN GELENLER

Hytaý medeniýeti we däp-dessurlary

Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.

Etniki topar:

Hytaý Gündogar Aziýanyň sosialistik ýurdy we dünýäde iň köp milletli ýurt. Hytaý iri köpmilletli döwletdir, resmi taýdan Hytaýda 56 etniki topar bar: Han hytaýlylar, Tibetliler, Mongollar, Mançuslar, Naksiler we 2000-den az adam bolan kiçi topar Hejenler ( Hezhen). Şolaryň arasynda Han hytaylylar iň uly toparwe umumy Hytaý ilatynyň 91.60%-i Han hytaýlylardyr. Her toparyň Hmong-Mie, Tai-Kadai hytaý dilleri ýaly dürli şiweleri bar we dürli görnüşli medeni däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Etnik toparlaryň köpüsi Han hytaý topary bilen birleşýärler we aýratyn sebit medeni däpleri bilen esaslanýarlar.

Hytaý iýmitleri

“Iýdiňizmi?” sözi hytaýlylar üçin umumy “salam” diýmekdir. Munuň sebäbi hytaýlylar iýmegi gowy görýärler. Iýmit Hytaýda ylym, sungat we jemgyýetçilik işidir. Hytaýyň iýmit medeniýei beýleki ýurtlardan düýpgöter tapawutlanýar. Hytaý aşhanasy özüniň baý iýmit medeniýeti sebäpli dünýäniň iň gowy aşhanasydyr. Hytaýyň iýmit medeniýeti dürli sebitlerde dürli görnüşde bişirilýär, ýöne düzümi tebigy we oba hojalyk önümlerine esaslanýar. Unaş (makaron), tüwi we buglanan çörekler Hytaýda esasy iýmitlerdir. Tüwi kiçi tabakda, et we gök önümler bolsa tabakda ýa-da uly tabakda aýratyn berilýär. Bulardan başga-da Hytaýda birnäçe görnüşli naharlary bardyr.

Hytaý dili

Hytaý iň köp ilatly ýurt we Hytaýda gürlemek üçin birnäçe dilleri bar. Hytaý dili dialekt diýilýän köp sebitleýin görnüşlerden durýar. Hytaý dilinde resmi dil Mandarin “Putonghua” diýilýär. Hytaýda başga-da birnäçe esasy şiweleri , ýagny Ýue ( Kanon), Sýan (Hunan), Min şiwesi, Gan şiwesi, Wu şiwesi we Kejia ýa-da Hakka şiweleri bar. Mandarin Hytaýda iň köp gürlenilýän şiwedir we beýleki hytaý şiwelerinde gürleýänler tarapyndan Hytaýda ikinji dil hökmünde ulanylýar. Hytaýyň Şanhaý şäherinde mandarin şiwesi ulanylýar, Pekinde bolsa ondan biraz tapawutlyrak ýagny gürleşenlerinde ‘r’ harpyny köpräk ulanýarlar. Köp adamlar hytaý dilini ikinji dil hökmünde öwenýärler. Hytaý dilini öwrenmek isleýän ýa-da Hytaýda işlemek isleýän adamlar, ýeterlik derejede erkin gürlemek üçin 3000 sany iýoroglif öwrenmeli. Hytaý dili esasan tonly dildir. Hytaý dilinde esasan 4 sany ton bolup, bäşinjisi bolsa erkindir ýagny tonsyz görnüşidir. Mysal üçin: mā, má, mă, mà we ma.

Bu sözleriň her haýsynyň manylary dürli-dürlidir. Hytaý dilinde sözleriň manysy tonuna görä düýpgöter üýtgäp biler. Hytaý dili dünýäniň iň gadymy dilidir.

Çeşmesi: digiedupro.сom

 

                                        Iñlis dilinden terjime eden: Agajanowa Gülälek,

                                                       Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

                                                   “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby

 

Kongo bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

 

 

 

        

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary