TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Hytaý koronawirusy ýok edýän çyra döretdi

Hytaýly alymlar koronawirusy ýok edip bilýän ultramelewşe çyrany döretdiler. Bu barada Hytaýyň “Science and Technology Daily” neşiri habar berýär. Täze çyra zatlary dezinfeksiýa etmek üçin peýdalydyr.
Synaglar, çyranyň 10 minutda wiruslaryň 99,99% -ini ýok edýändigini görkezdi. Hubeý welaýatynyň ýokanç kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezinde üstünlikli synag edildi.
Çyra, az elektrik sarp edip, köp sagadyň dowamynda işläp biler. Radiasiýa 260-dan 280 nanometre çenli. Şeýle hem kömelek ýokançlygyna sebäp bolýan dürli howply wiruslary hem ýok etmäge mümkinçilik berýär.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistanyn-prezidentine-shg-nin-sammitine-cakylyk/

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle