TEHNOLOGIÝA

Hytaý hem Marsa gondy

ABŞ-nyň NASA edarasynyň iberen marsahodyndan soňra Hytaý hem Marsa üstünlikli gonmagy başardy. Bu barada Hytaý milli kosmos edarasy habar berýär.

Bu barada berlen beýanata görä, Hytaýyň Mars planetasyny öwrenmek üçin iberen “Týanwen-1” kosmos gämisi gonduryldy. Bu Hytaýyň kosmos enjamynyň başga bir planeta gonan ilkinji gämisi boldy. Hytaý marsohody Mars planetasynyň demirgazyk ýarymşaryndaky Utopiýa düzlügine gondy. Gyzyl planetanyň şu böleginde suwuň çykýandygy çaklanylýar.

“Týanwen-1” awtomatiki planetalar stansiýasy, Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda ýerleşýän Wençang kosmodromyndan “Çançžen-5” raketa göterijisiniň kömegi bilen 2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçurylypdy. Fewral aýynda ol Marsyň orbitasyna çykdy.

“Týanwen-1” planetalar stansiýasynyň umumy agramy 5 tonna ýetýär, onuň 1,3 tonnasy marsohod gämisine degişli, orbital stansiýanyň agramy bolsa 3,7 tonnadyr.

“Týanwen 1” missiýasy 13 sany ylmy gural bilen enjamlaşdyrylandyr. Orbital modulda ortaça çözgüdi (100 metre çenli) kamera, ýokary çözgüdi (0,5 metre çenli) kamera, topragyň tektoniki düzümini öwrenmek üçin ýerasty radar, mineral düzümini öwrenmek üçin spektrometr bar.

UFC-de ýeňil agramyň guşagyna täze eýe tapylar

Ýene-de okaň

“Cybertruck” ulagy satuwa çykdy

“Ata Watan Media” topary Stiw Jobsuň öýüne baryp gördi

“Ata Watan Media” topary “Tesla” kompaniýasynyň täze ulagynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Bassyr 11 ýyldan bäri birinjiligi eýeleýär

Sam Altman “OpenAl” kompaniýasyna gaýdyp geldi

Türkmenistanda “TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär

Ata Watan Eserleri