TEHNOLOGIÝA

Hytaý emeli intellektde ABŞ-dan öňe saýlandy

“MacroPolo” kompaniýasynyň maglumatyna görä, dünýäde emeli intellekt babatda işläp düzüjileriň we gözlegçileriň ýarysyna golaýy Hytaý Halk Respublikasyna degişlidir. Bu görkezijide Hytaý ABŞ-dan öňe saýlandy.

Soňky ýyllarda bu ýurtda emeli intellekt boýunça bilim maksatlaryna gönükdirilen maliýe serişdeleri ep-esli artdyryldy. 2018-nji ýyldan bäri Hytaýda emeli intellekt babatda 1000-den gowrak bakalawr maksatnamalary döredildi. Olaryň 300-den gowragy ýurduň öňdebaryjy uniwersitetlerinde orun aldy.

Şol maksatnamalaryň agramly bölegi senagatda we önümçilikde emeli intellekti ulanmaga gönükdirildi.  Hytaýly alymlar emeli intellekt babatda öňdebayrjy işläp düzmeleri ilerledýärler.

Ýene-de okaň

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi

Hytaý Azerbaýjanda elektrikli awtobus öndürer

“Apple” kompaniýasy Hindistanda 14 milliard dollarlyk önüm öndürdi

“Apple” kompaniýasy 48 ýaşyna gadam basdy 

Hytaýda 5G ulanyjylarynyň sany 851 milliona ýetdi

Hytaýyň “Xiaomi” tehnologiýa kompaniýasynyň elektrikli ulagy satylyp başlandy

Ata Watan Eserleri