TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hytaý diliniň güni

Her ýylyň 20-nji aprelinde Hytaý diliniň güni bellenýär. Bu baýramçylyk 2010-njy ýyldan bäri baýram edilýär.

Hytaý dili 1973-nji ýyldan bäri BMG-niň resmi dili hasaplanýar. Ol Hytaýyň, Taýwanyň, Singapuryň döwlet dili hasaplanýar.

Ilkinji Hytaý diliniň güni 2010-njy ýylyň 12-nji noýabrynda bellenipdi. 2011-nji ýyldan bäri ol her ýylyň 20-nji aprelinde bellenilýär. BMG dil günleriniň maksady köp dilliligi we medeni dürlüligi ösdürmek, şeýle hem guramanyň ulgamynda alty sany resmi diliň ulanylmagy üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Hytaý diliniň güni hytaý ýazuwyny esaslandyryjy San Szeniň hatyrasyna döredildi. Rowaýata görä, ol piktogramlaryň toplumyny döredipdir we ol hem ieroglifiň esasy bolup hyzmat edýär.

Hytaý diliniň ýazuw görnüşi dünýäniň iň kyn ýazuw çeşmeleriniň biridir. Onuň baýlygyny ýüze çykarmak üçin 80 müňe golaý ieroglif ulanylýar. Şeýle hem hytaý dili planetanyň iň gadymy dilleriniň biridir.

Umuman alanyňda, dünýäde 1,3 milliarddan gowrak adam bu dilde gürleýär. Ene dilinde gürleýänleriň köp bolmagy BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň arasynda hytaý diliniň goşulmagyna sebäp boldy.

BMG sekretariaty her ýyl dil günlerine bagyşlanan çäreleri geçirýär. Hytaý dili güni adatça, Hytaý imperiýasynyň ussatlarynyň döreden sungat eserleriniň sergilerini, söweş sungat mekdepleriniň konsertlerini we görkeziş çykyşlaryny geçirýär.

Söhbet Durdyýew ,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/halkara-ahalteke-atcylyk-assosiasiyasynyn-mejlisi-gecirildi/

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle