TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hytaýda iň uly harby ýöriş geçirildi

1-nji oktýabrda Pekin şäheriniň «Týananmen» diýlip atlandyrylýan baş meýdanynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Oňa HHR-nyň Başlygy Si Szinpin hem gatnaşdy.

Dünýä metbugatynda ýazylyşyna görä, bu harby ýöriş soňky 10 ýylyň içindäki iň köpçülikleýin ýörişdir. Oňa 15 müň esger, 580 sany harby tehnika, 160 sany uçardyr dikuçar gatnaşdy.

Hytaýyň Halk azatlygy goşuny döwletiň döwreilmeginden 22 ýyl ozal esaslandyrylypdyr. Emma HHR-nyň döredilmegi bilen bu goşunda rowaçlanmak döwri başlandy. Döwletdäki ilkinji harby ýöriş bolsa 1949-njy ýylda geçirildi. Aslynda, şol harby ýörişiň dünýäniň beýleki döwletleri üçin hem nusga bolandygy aýdylýar. Şondan soň dünýä döwletlerinde Garaşsyzlyk gününde harby ýörişi geçirmek ýoň bolup başlapdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle