DÜNÝÄ

Hytaýda 1 milliard tonna nebit käni tapyldy

Hytaýyň «PetroChina» nebitgaz kompaniýasy ýurduň günorta-gündogar böleginde düzüminde 1 milliard tonna nebit bolan täze käniň üstünden bardy. Bu barada «Kapital.kz» neşiri habar berýär.

Aýdylyşyna görä, täze nebit ýatagy Gansu welaýatynyň Ordos diýilýän ýerinden tapylypdyr. Kompaniýanyň maglumatynda: «Bu ýerde 358 million tonna nebitiň bardygy anyklanyldy, ýöne heniz ýetilmedik çäklerde 700 million tonna, hatda 1 milliard tonna çenli nebitiň bardygy çaklanylýar» diýlip aýdylýar.

Eger bu çaklamalar dogry çyksa, Ordosdaky nebit ýatagy dünýädäki iň uly känleriň 100-ligine girip biler. Häzirki döwürde iň uly käniň Saud Arabystanyndadygyny, «Al-Gawar» diýlip atlandyrylýan bu kände 12 milliard tonna nebitiň bardygyny maglumat hökmünde ýetirýäris. Russiýaky iň uly kän bolan Samoatlar käninde bolsa, takmynan, 7 milliard tonna nebit bar.

«PetroChina» ýakynda Hytaýyň Siçuan welaýatynda 1 milliard tonnalyk gaz käniniň hem üstünden bardy.

Ýene-de okaň

GDA-nyň oba hojalyk bilermenleri Aşgabatda geler

Wengriýanyň täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumyna gatnaşýar

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar