TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hyýaly Hakykat

Birden meni gudrat guçup,
Äkitse şöhle deý myçyp.
Duşarmykam Ýer deý ýere,
Gezsem älem içre uçup.

Duşsam adamzada birden,
Gaçmazmyka aklym serden.
Gorap Ýeriň mertebesin,
Durup bilermikäm merdem.

Ýüzlense ol “gürrüň ber”diýp,
“Ýer diýýäniň niçik ýer?”diýp.
“Niçik janly jemendesi,
Nähil olar ýerbe-ýer?” diýp.

Tolgunaryn durup bilmen,
Belki dil hem urup bilmen.
Daşda galan Ýer durmuşyň,
Göz öňümde gurup bilmen.

Dürsäp ahyry özümi,
Taparyn diýjek sözümi.
Ýetirerin waspyň seniň,
Berse Alla owazymy.

Bir gysym topragyň bolup,
Bir ýaşyl ýapragyň bolup.
Dil açaryn sen hakynda,
Seniň ýaz depregiň bolup.

Beýan eýlärin barçany,
Dag, suw, howa, ot, arçany.
Janly keşpde ýetirerin,
Pil, garynja, it, serçäni.

Birdenkä saklanyp dymsam,
Ne aglasam, ne-de gülsem.
Sende bolýan uruşlary,
Aýtmaklygy namys bilsem.

Allaň gudraty ýaradan,
Sen Ýer sahy hem owadan.
Ýaşalýar üstünde rahat,
Synlanyňda daş gyradan.

Emma ser aýlasaň ýerden,
Üstünde bar uruş her dem.
Ýitirip akyl-paýhasyn,
Öldürýär adamy adam.

Ýok,elbetde günä sende,
Uruşýar adam jemende.
Salyp seni paýlaşyga,
Döküp ýör gan adam bende.

Ýetişmänkäm edip beýan,
Pikrim oňa bolsa aýan.
“Bizde uruş düşünje yok,
Oň gürrüňem bize zyýan…”

Diýip ýeňletse ýagdaýym,
Bordy hakykata gaýym.
Uruşsyz hem Ýer bar eken,
Senem dyndarsyn, Hudaýym…

Baýram RAHMANOW

Balkan welaýaty, Magtymguly şäheri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Teswirle