TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hyýaly gitara bäsleşigi

Ýer ýüzünde bäsleşikleriň täsinden- täsin görnüşleri bar. Olaryň käbiri barada eşidip ýylgyranyňy duýman galýarsyň.

Ine, Oulu şäherinde ýakynda gitarany hyýaly çalmak boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Onuň jemleýji ýaryşy şäheriň merkezi meýdançalarynyň birinde geçirildi diýip, dünýä metbugatynda ýazylýar.

Çempionatda ýeňiji bolmak amerikaly Rob Markiz Messele nesip etdi. Ol eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Çempionata tomaşa etmek üçin meýdana üç müňden gowrak adam ýygnandy.

Ýaryşyň täsinligi oňa gatnaşyjylaryň elinde gitara ýokdur. Olar, hamana, elinde bu saz guraly bar ýaly hereket etmeli. Bäsleşijilerden her biri 60 sekuntdan ybarat iki sany kompozisiýany ýerine ýetirmek talap edilýär. Bäsleşijiler ýaňlanýan saza laýyklykda hereket etmeli we, elbetde, olaryň hereketi ynandyryjy bolmaly.

Çempionatyň ýeňijisine finlandiýaly ussalar tarapyndan ýasalan hakyky gitara sowgat edildi. Ýeri gelende aýtsak, 1996-njy ýyldan bäri geçirilýän dünýä çempionatynyň asyl maksady saz bilen bagly däl. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, ol bütin dünýäde parahatçylygy goldamaga çagyrýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle