TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwda

Şu ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada ýerli metbugatda degişli bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu bäsleşikli söwdany 25-nji awgustda geçirer. Türkmen metbugatynda çap edilen bildirişe görä, bäsleşikli söwdalar 18 lot arkaly amala aşyrylar. Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar.

Bu söwda satuwynda kesgitlenen iň pes başlangyç baha Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň alyjylar jemgyýetiniň «Garadaşly» bazary bolup, onuň bahasy 17 müň 315 manatdan başlanýar.

Kesgitlenen iň ýokary bahaly desga bolsa, Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 152-njy jaýyndaky “Şatlyk” dükanydyr. Onuň başlangyç bahasy 18 million 408 müň manatdan başlanýar.

Bu barada has köp maglumat almak üçin “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 10-njy awgustdaky sanynyň 4-nji sahypasyndan tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem bu barada www.fineconomic.gov.tm internet salgysynda hem ýerleşdirilýär.

 

THY: Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle