Hurmanyň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy

Häzirki döwürde adamlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen ösdürilip ýetişdirilýän miweli agaçlaryň biri hurma agajydyr. Beýleki köpýyllyk miwe berýän agaçlara garanyňda häzirki wagtda hurma agajyny ekmekligiň gerimi has-da giňeýär. Bu agajyň aýratyn bir özüne çekijiligi bardyr.

Hurmany nähili köpeltmeli, ony nädip ösdürip ýetişdirmeli? diýen soraglar adamlaryň arasynda häli-şindi ýüze çykýar. Köp ýyllyk miwe berýän agaçlaryň bu görnüşi bilen gyzyklanýan adamlar hurmany diňe bir nahalhanalarda däl, eýsem ony öý şertlerinde hem ösdürip ýetişdirip bilerler.

Hurma tohumy arkaly köpeldilýär. Onuň tohumyny gowy bişen hurma miwesinden alynýar. Onuň miwesinden tohumy alyp, ony guratman ekmelik maslahat berilýär. Ony köpeltmek üçin ilki bilen organiki dökünler bilen baýlaşdyrylan toprak alyp ony küýzä ýerleşdirmeli. Soňra şol küýzä hurma tohumyny gömmeli. Kadaly ýagdaýda çyglylyk we ýylylyk berlende 2-3 hepdäniň dowamynda hurma tohumlary gögerip başlaýar. Soňra bolsa iki sany ýaprak emele getirýär. Hurma nahaljygyny ömrüniň birinji ýylynda 1 litrlik küýzede saklamalydyr. Hurmanyň ýaşaýyşynda ony iýmitlendirmek, suwarmak we ony belli bir ýylylykdaky temperaturada saklamak zerurdyr.

Hurmanyň tohumynyň gögerijiligi ýokarydyr. Şonuň üçin hem her bir küýzä hurma tohumynyň birini gömmeklidir. Tohumyndan gögerip, 1-2 ýyl geçenden soň ony has gowy miwe berýän görnüşine üýtgetmek zerurlygy ýüze çykanda nahalhana hojalyklarynda sapma işleri alnyp barylýar. Bu işler awgust aýynyň başyndan sentýabr aýynyň başyna çenli geçirilýär. Ony “T” görnüşde sapmaklyk özüniň ýokary netijesini berýär.

Okap bilersiňiz  Gün-günden görk alýarsyň, sen Aşgabat!

Açyk toprakda hurmany ösdürip ýetişdirilende onuň 3 ýyllyk nahalyny ekmeklik özüniň gowy netijesini berer.

Hurmanyň ýagtylyga, ýylylyga we çyglylyga bolan talaby ýokarydyr. Onuň ösüşinde bu şertleriň kada laýyk bolmagy zerurdyr. Hurmany ýeterlik mukdarda suw bilen üpjün etmelidir hem-de her gezekki suwaryşdan soň onuň düýbüni ýumşutmalydyr. Şeýle-de ondan ýokary hasyl almakda organiki döküniň hem uly ähmiýeti bardyr.

Gyş paslynyň ahyrlaryna hurma agajy ukyda wagty kesilýär. Bu işler hurma agajynyň hasyllylygyna uly täsir edýär.

Beýleki köpýyllyk miwe berýän agaçlar ýaly hurmanyň miwesiniň hem peýdasy uludyr.

Onuň miwesinde immunitetiň ýokary bolanlygy sebäpli bedeniň kesellere garşy goranyş häsiýetini ýokarlandyrýar hem-de gözüň görüjiligini gowlandyrýar, C witaminiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, aşgazanda we içegelerde ýüze çykýan näsazlyklaryň öňüni almaga, şeýle hem iýmit siňdirişiň kadaly bolmagyna özüniň örän gowy täsirini ýetirýär.

 

 

Amanow Rejep,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda