TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Hunger Games» kitabynyň täze neşiri

 

Maý aýynyň 19-yna «Hunger Games» kitabynyň dördünji neşiri «Guşlaryň we ýylanlaryň aýdymy» ady bilen okyjylara ýetiriler. Romanyň öňki neşirleri köpçülik tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şeýlelikde bu roman esasynda film döredilip tomaşaçylara ýetirildi. Bu kitabyň 3-nji bölüminiň çap edilenine 10 ýyl bolandygyna garamazdan, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garaşylýar.

Görnükli amerikan ýazyjysy Sýuzanna Kollinz tarapyndan ýazylan «Hunger Games» romany 54 dile terjime edilip, 100 milliondan gowrak nusgasy okyjylara ýetirildi. 3 bölümden ybarat bolan «Hunger Games» romanyndan dünýä belli kino studiýasy “Golliwud” 4 bölümli film döretmegi başardy. Filmde dünýä belli aktýorlar we aktrisalar keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olar bu romanyň has-da meşhur bolmagyna uly ýardam etdiler.

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle