TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hukukçy talyplaryň arasynda geçirilen “Mysaly kazyýet” bäsleşigi

2021-nji ýylyň  25-nji dekabrynda “Hukukçy”  hojalyk jemgyýetiniň  yglan eden “Mysaly kazyýet” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýaryşyň jemi paýtagtymyzyň “Grand” otelinde jemlendi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk hünärinde okaýan talyplaryndan  düzülen toparlar gatnaşdylar.

Bu bäsleşik toparlaryň “Hukukçy” hojalyk jemgyýetiniň resmi internet sahypasyna hasaba alyş senesinden başlap, ýagny  2021-nji ýylyň 25-30-njy noýabry aralygyndan 25-nji dekabryna çenli dowan etdi. Okuw-tejribe görnüşinde meýilleşdirilen bäsleşige jemi 36 topar  hasaba alnyp, olardan 16-sy  bäsleşigiň birinji tapgyryndan geçmegi başardylar.

Bäsleşigiň  1-nji tapgyrynda 16 sany topar çykyş edip, onda  talyplaryň mysaly jedeli seljerip, umumy netijenama ýazmak başarnyklary synagdan geçirildi.  Bu tapgyryň netijesinde 2-nji tapgyra toparlaryň 8-si  resminamalar bilen işleşmek we kazyýetde çykyş edip bilmek başarnyklary boýunça bäsleşip, toparyň 4-si bäsleşiň ýarym finalyna çykyp, olardan  2 topar jemleýji tapgyrda bäsleşmäge hukuk gazandylar.

Bäsleşik  talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alýan   nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak, olaryň geljekki hünär işi üçin zerur bolan durmuş başarnyklaryny, hukuk endiklerini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda hukuk aňyýetiniň, biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak maksady bilen geçirilip, onda talyplara tejribeden alnan bir jedelli ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp seljermek we ony mysaly kazyýet önümçiligini gurnamak görnüşinde  alnyp baryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijileri aşakdaky ugurlar boýunça  yglan edildi:

“Ýeňiji topar” — diýen ugry boýunça  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Zöhre Geldiýewa bilen Şemşat Annageldiýewa;

“Jemleýji tapgyra çykan topar” — diýen ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary  Çary Rahmanow bilen Goçyýew Gurbanmyrat;

“Bäsleşigiň iň gowy Netijenama ýazan topar” — diýen ugry boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Şahnoza Eminowa bilen Atajan Rozybaýew; şeýle hem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Baky Nurmuhammedow bilen Allamyrat Annakulow;

“Bäsleşigiň iň gowy dilewary”  diýen ugurda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Şemşat Annageldiýewa  dagylar gymmatly baýragyň mynasyp eýeleri boldular.

Şeýle hem, beýleki gatnaşan toparlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Umuman, netijeli geçen bäsleşigiň ahyrynda talyplar şu bäsleşigi gurnan “Hukukçy” hojalyk jemgyýetine we onuň guramaçylyk toparyna özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.

Gözel Eminowa,

            Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

                                        žurnalistikasy fakultetiniň  4-nji ýyl talyby.

 

28-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti uludyr

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Teswirle