Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşiniň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýar.
Mähriban Watanymyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösdürilmegi, raýat jemgyýetiniň berkarar bolmagy, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň durmuş hem-de il-ýurt bähbitli öňdengörüjilikli hem-de belent maksatlaryna ýugrulan adyl syýasatynyň durandygyny görmek buýsançlydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymaty ýurdumyzda adamy goramak we goldamak, oňa hyzmat etmek ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, durmuş bir ýerde durmaýar, yzygiderli ösüp-özgerip barýar. Täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýar we öňki garaýyşlar üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýdip onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär.
Şu ýylyň 23-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda: “Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris.” diýip bellemegi, amala aşyrylýan ähli döwletli başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygyny aýdyň görkezýär.
Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklarynyň durmuşa geçirilişi, döwletiň we jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamyny häsiýetlendirýär. Hukuklaryň durmuşa geçirilişini döwrebap derejede guramak Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň özenini düzýär, demokratiýanyň yzygiderli ösüşini şöhlelendirýär.
Esasy Kanunymyz özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hukuklarynyň binýady berkden gurulandyr.
Serdar Awezimbetow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň kafedra müdiri.