Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilen özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň konstitusion hukuk binýady, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler kemala getirildi we onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi.
Kanunçykaryjy edaranyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milletiň saglygyny we daşky gurşawy goramaga, ylmy goldamaga hemde bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda tertipdüzgüni, durnuklylygy we howpsuzlygy kepillendirmäge gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmäge saldamly goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň kanunçykaryjylyk bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipeleri, berýän gymmatly maslahatlary ýurdumyzy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygyna saýlanmagy bilen, ähli ulgamlarda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, şol sanda döwletimiziň hukuk binýady has-da berkidilip, uzak geljegi nazarlaýan kanunlaryň kabul edilmegi milli kanunçylykda aýratyn taryhy döwrüň başlanmagyna getirdi. 2007-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Karary kabul etdi. Şol Kararyň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli kanunçylygynda düýpli özgertmeleriň döwri başlandy.
Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar Milli Liderimiziň daşynda mäkäm jebisleşip, türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, onuň bagtyýar şu güni we nurana geljegi baradaky başlangyçlary mynasyp dowam etdirýärler.
Umuman, hukuk-kanunçylyk namalarynyň jemgyýet bilen jebislikde kämilleşdirilmegi, raýatlaryň ösen islegleriniň hut ýurtda amala aşyrylýan iri syýasy, ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynda nazara alynmagy jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, bagtyýarlygynyň baş kepilidir.
Orazmuhammet Myradow,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Daşoguz welaýat mudirliginin Köneürgenç etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.