TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

<> PariŽde<>

Soňky ýyllarda «Apple», «Samsung» ýaly tehnologiýa dünýäsiniň ägirtleri bilen ýiti bäsdeşlige giren, söwda-da we meşhurlykda ep-esli üstünlik hem gazanan «Huawei» kompaniýasy «P30» we «P30 Pro» androidleriniň ilkinji gezek tanyşdyryljak senesini we ýerini kesgitledi. «Huawei» tapgyrlarynyň 30-njy nesliniň wekilleri ilkinji gezek 26-njy martda Fransiýanyň paýtagty PariŽde tanyşdyrylar. Ýöne onuň muşdaklary täze «Huawei»-leriň käbir aýratynlyklary bilen eýýäm tanyşmaga ýetişdiler.

Mysal üçin, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň biri Riçard Ýu ýakynda sosial aragatnyşk ulgamynda paýlaşan maglumatynda «Leica Quad Camera» jümlesiniň aşagyny aýratyn garalady. Bu bolsa «P30 Pro»-nyň 4 kamerasynyň boljakdygyny takyklaşdyrdy.  Heniz anyk bir maglumatlar berilmese-de, kameralaryň 38-den 40 megapiksele çenli hilde surat we wideoşekil düşürip biljekdigi çaklanylýar. «P30»-da bolsa 3 kamera bolar.

Ýunyň paýlaşan görnüşlerinde Aýyň has ýakyndan alnan we ýokary hilli suraty hem bar. Aýdylyşyna görä, «P30 Pro» «10x» ýakynlaşdyrma kuwwatyna eýe bolar. Şekiliň hernäçe ýakynlaşdyrylandygyna garamazdan, kompaniýa onuň hiliniň ýokary bolmagy üçin alada baryny etdi. «P30» bolsa «5x» ýakynlaşdyrma hyzmatyny berer.

Täze nesliň telefonlary başga-da birnäçe aýratynlyklary boýunça «P20»-den has tapawutlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle