TEHNOLOGIÝA

“Huawei Nova 8 SE Vitality Edition”

“Huawei” şereketiniň “Nova 8 SE Vitality Edition” atly telefony güýçli batareýa we 48 megapiksellik esasy sensorly esasy kamera bilen üpjün edilipdir.

Telefonda 2400×1080 piksel durulygynda 6.6″ ekran we üst tarapda 16 megapiksellik kamera goýlupdyr. Telefonyň arka tarapynda bolsa 48 megapiksellik we 2 megapiksellik kameralar blogy dikligine ýerleşdirilipdir. Ekran telefonyň 94% ýerini eýeläpdir hem-de 16.7 million sany reňki tapawutlandyrma häsiýetine eýe.

Akylly telefonyň “ýüregi” 8 GB içki ýat bilen “Kirin 710A” mobil platformasyndan ybarat. Bu telefonyň daşky ýady 128 GB. “Huawei Nova 8 SE Vitality Edition” telefony 40 Wattlyk tiz zarýady goldaýan 4000 mAh batareýa bilen üpjün edilen. Bu telefonda “EMUI 10.1” bilen “Android 10” prosessorlary ýerleşer hem-de 2 dürli reňkde satuwa çykar.

“Huawei” şereketiniň täze telefonynda ýeriň dartyş güýjüni ölçeýän sensor, kompas, duran ýeriňe baglylykda özüni sazlaýan ekran ýagtylandyrma we barmak yzyny okaýjy sistemalar bar. Bu telefon 160.68×73.3×8.4 mm ululykda wev179 gram agyrlykda.

Täze telefonyň satuwa çykjak senesi 22-nji awgust hem-de satuw bahasy 292 dollar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Nobatçy notarius hyzmatlary täzeden başlaýar

 

 

Ýene-de okaň

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder