TEHNOLOGIÝA

“Huawei Mate Xs” telefony tanyşdyryldy

Hytaýyň dünýä belli “Huawei” kompaniýasy özüniň täze eplenýän “Huawei Mate Xs” telefonyny halk köpçüligine tanyşdyrdy.

Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan we soňradan ýatyrylan tehnologiýa kongresinde tanyşdyrylmagy  meýilleşdirilen bu telefon internet arkaly telefon muşdaklaryna ýetirildi.

Smartfonyň ekrany açylanda 8 dýuým, ýapylanda bolsa, bir tarapynda 6,6, beýleki tarapda 6,38 dýumlyk ekran emele gelýär.

Täze smartfon 5G ulgamly bolup, 8 GB RAM we 512 GB içki ýat bilen enjamlaşdyrylandyr. Ony tablet görnüşinde hem ulanmak bolar.

Ol 4 bin 500 mAh batareýa bilen işlär. “Huawei Mate Xs” telefonynyň bahasy 2 müň 499 ýewro deňdir.

Ýene-de okaň

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi