«Huawei Mate X2» smartfony tanyşdyryldy

«Huawei» kompaniýasynyň hünärmenleri smartfon önümçiliginde täzeçilligi ornaşdyrmak, täsin modelleri döretmek barada birnäçe tagallalary edýär. Ynha, bu gün hem kompaniýanyň iň naýbaşy hem-de täsin modelleriniň biri bolan eplenýän «Huawei Mate X2» smartfony tanyşdyryldy. Smartfon özüniň özboluşly dizaýn aýratynlygy bilen beýleki smartfonlardan tapawutlanar.

Smartfon jemi iki ekrandan ybarat. Onuň birinji ekrany 8 dýuýma deň bolup 2480 x 2200 durulyga, ikinjisi bolsa 6,45 dýuým bolup 2700 x 1160 durulyga eýedir. Smartfonyň iki ekrany he, OLED panelini we 90 Hz täzeleniş tizligini hödürleýändigi tanyşdyryş dabarasynda aýdylyp geçildi.

«Kirin 9000» prosessory bilen işleýän «Huawei Mate X2» 8 Gb RAM we 55W çenli zarýad alyp bolýan 4,400 mAh akkumulýatory hödürleýär. Smartfonyň arka tarapynda 4 kamera ornaşdyrylan. Bu kameralar 50  megapiksel giň burç, 16 megapiksel ultra giňlik, 3x optiki ýakynlaşdyrma bilen 12 megapiksel telefon we 10x optiki ýakynlaşdyrma bilen 8 megapiksel «SuperZoom» kamera hökmünde görkezilýär. Smartfonyň öňünde diňe ýekeje selfi kamerasy bolup, ol hem 16 megapiksele barabardyr. Mawy, gülgüne, gara we ak reňkleri goldaýan smartfon 25-nji fewralda Hytaý bazarynda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Smartfonyň eksporty barada heniz anyk maglumat aýdylmaýar.

Okap bilersiňiz  ECO-93 benzininiň eksporty artdyrylar

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen