TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Huawei”-den täze smartfon

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy şu aýyň dowamynda «Enjoy 20 Plus» atly akylly telefonyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa bu akylly telefony iýun aýynyň 24-ine müşderilere ýetirmegi maksat edinýär. Şeýlelik-de kompaniýa ýörite resmi saýtynda bu telefon bilen bagly maglumatlary paýlaşdy. 5G ulgamy birikdirilen bu akylly telefon ýakynda Hytaýda 240 amerikan dollar bahasyndan başlap, satuwa çykar.

Telefonyň yzky kameralary 48, 8 we 2 megapiksele barabar bolar. Onuň selfi kamerasy 16 megapiksele deňdir. Enjamda 22.5W çalt zarýad beriş goldawy bilen 4000mAh batareýa bar. “Huawei” kompaniýasynyň täze önümi bolan «Enjoy 20 Plus» akylly telefony dürli reňkler bilen alyjylara gowşar.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle