TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

«Huawei», «Apple», «Samsung» özara bäsleşýär

Huawei-iň soňky kynçylyklaryna garamazdan, henizem smartfon bazarynda gowy göreş alyp barýar. Ýakynda çap edilen hasabatda hytaý öndürijisiniň dünýädäki iň uly smartfon öndürijisi bolmak üçin Samsung kompaniýasyndan öňe geçendigi aýdylýar.

Sentýabr aýyndan başlap, «Apple» kompaniýasy «iPhone 12» seriýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Bu bolsa, bäsleşigiň has-da ýitileşjekdigini aňladýar.

Koreýanyň habar beriş serişdeleri ETnews-iň habaryna görä, «Samsung Electronics» her aý täze «strategiki» smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Ýagny kompaniýa «Galaxy Note 20» seriýasyny awgust aýynda görkezer. Sentýabr aýynda «Galaxy Fold 2» satuwa çykar, Samsung Galaxy S20 Lite (Fan Edition) bolsa oktýabr aýynda geler.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle