TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

HPG we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Beýerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistany maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.

Hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna Doing Business (işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle