TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hoz ýagynyň peýdaly ähmiýeti

Daş görnüşi bilen adamyň beýnisine meňzeýän hoz, omega-3 ýag kislotalary, magniý, A witamini, antioksidantlar we ýaglar bilen örän möhüm iýmit çeşmesidir. Taryhy gelip çykyşy Ortaýer deňzi we Merkezi Aziýa sebitlerinden bolsa-da, hozdan alnan ýaglar häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde täjirçilik taýdan öndürilýär.

Jemgyýetimizde hoz ýagyny ulanmak adaty zat bolmasa-da, onuň saglyga köp peýdasy bar. Hoz ýagyny sarp etmek ýürek saglygyny gowulaşdyryp, gandaky şeker derejesini deňleşdirip biler we rak keseliniň öňüni alyş serişdesi hökmünde ulanylyp bilner.

Bu makalada hoz ýagynyň täsirli iýmit profiline göz aýlanymyzdan soň, onuň saglyga ýetirip biljek peýdalaryna, soňra bolsa berhizde ulanylyşyna göz aýlarys.

Hoz; B1 ýa-da B6 witaminleriniň we folat, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, sink, mis we marganes ýaly minerallaryň oňat çeşmesi. Her gün 100 gram hoz iýip, marganesiň iki esse mukdaryny kanagatlandyryp bilersiňiz.

Hozuň beýleki hozlara garanyňda antioksidant derejesi has ýokarydyr. Mundan başga-da, düzümindäki E witaminiň mukdary täsirli.

Hoz ýagy salatlary tagamlandyrmak ýa-da sagdyn reseptlere goşmak üçin ulanylyp bilner. 2 nahar çemçesi hoz ýagy ortaça 175 kaloriýany öz içine alýar. Kaloriýa çäklendirilen döwürde bolsaňyz, hoz ýagyny sarp edeniňizde bölek gözegçiligine üns bermegiňizi maslahat berýärin. Başga bir tarapdan, hoz ýagyny sarp edip, köp mukdarda fol turşusy, E witamini we omega-3 ýag kislotalaryny aljakdygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň.

 

Hojamberdiýew Amangeldi

S.A.Nyýazow adyndaty Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Awstriýada 4 gezek çäklendirme girizilýär

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle