TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy

Mähriban okyjylar, men size bu gezek howurpeç ulanmazdan datly keksiň taýýarlanylyşyny öwretmekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

 

  1. 0,5 kg-den azrak ýönekeý köke (petir köke)
  2.  2,5 bulgur süýt
  3.  1 gap puding
  4. 1 bulgurdan azrak süýt
  5.  3 sany banan
  6.  1 gap kakao
  7.  10 sany şokolad

 

  • Bellik: Kökeleri has kiçi böleklere bölüň, bölmegi maslahat berilmeýär, sebäbi gyzgyn pudingi üstüne guýsak, kökeler eräp biler.

 

Taýýarlanyşy:

 

Ilki bilen pudingimizi taýýarlap başlamaly. Puding gabynyň arkasynda nähili edip taýýarlamalysy görkezilendir. 2,5 bulgur ýa-da has goýy etjek bolsaňyz 1,5 bulgur süýdi gaza goýup bişirmeli. Edil şol wagtda pudingimizi bişip duran süýde goşup, ýuwaşjadan goýulaşýança garmaly. Elimizdäki kökelerimizi kiçi bolmadyk ulurak böleklere bölüp bir gaba salmaly. Taýýar bolan pudingimizi üstüne guýmaly we kökeler bilen garmaly. Soňra ýaňky kökeli garyndymyzy tegelek ýa dörtburç gaba seresaplyk bilen tort şekilini berip goýmaly we üstüne bananlarymyzy tegelek-tegelek edip kesip düzüşdirmeli. Eger iki gatly etmek isleseňiz kökesini we pudingini köpeldip bilersiňiz. Soňky ädim bolsa, üstüne islegiňize görä, bezäp bilesiňiz. Kakao süýt we şokoladlardan kremini hem edip bilersiňiz. Hemme zady taýýar bolandan soňra 2 ýa 3 sagat ýaly sowadyjyda goýmaly.

Ine, mähriban okyjylar bananly keksimiz hem taýýar boldy.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

Taýýarlan: Aýşirin Alyýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

 

Bulary hem okap bilersiňiz!

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Okap bilersiňiz  Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

 

Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle