TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Howpsuz ýol hereketi :medeniýetlilik

Ykdysadyýetiň 1/3 bölegi ulag hyzmatlaryndan durýar diýip çaklanylýar. Ählumumy we döwletler, şol sanda adamlar üçin ulag hyzmatlarynyň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Ýöne, gynandyrýan tarapy, dünýäde ýol-ulag hadysalarynyň sany artýar. Hadysalar iki kategoriýada hasaba alynýar.

  • Ýygylyk (frequençy)
  • Agyrlyk (severity)

Şäheriçi ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň ýygylygy ýokary bolmak bilen, agyrlygy pes derejede bolýar. Şäherara ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň ýygylygy pes, ýöne agyrlygy ýokarydyr. Bu ýagdaýyň iň esasy sebäbi ulaglaryň hereket tizliginiň tapawutly bolmagydyr. Garaşylmadyk ýagdaýyň ýüze çykmagy, tekeriň atylmagy, tormozyň tutmazlygy ýaly bahanalaryň köpüsi ýalan bolup çykýar.

Dünýäde 185 döwletde ýüze çykýan ýol-ulag hadysalary halkara guramalar tarapyndan yzygiderli seljerilýär. Ulaglaryň görnüşleri boýunça 1,000,000 ýolagçy/kilometrde näçe adam ýitgisi hasaba alnandygyna görä ulaglaryň görnüşleriniň howpsuzlygy hakynda pikir ýöredilýär.

Iň ygtybarly görkeziji ilat sany bilen ýol-ulag hadysasynda hasaba alnan adam ýitgileriniň sany bilen hasaplanylýar. Statistiki maglumatlar ýolagçy ygtybarlylygy bilen ýurtlaryň medeniýetlilik derejesi arasynda göni arabaglanyşyk bardygyny görkezýär. 100,000 adamda 61.9 adam görkeziji bilen bu ugurda Zimbabwe ýol ygtybarlylygy iň pes ýurt hasaplanylýar. Iň ygtybarly ýurt 100,000 adamda 2.31 görkeziji bilen Şwesiýa Patyşalygydyr. («Şwesiýa Patyşalygynda adamlaryň pyýada geçelgä golaýlamagy bilen ähli ulaglaryň hereketi togtaýar, ulagyň hereketlendirijisi öçýär, adamlar geçenden soňra ulaglaryp hereketlendirijileri işläp, hereket edip başlaýar. Bir hepde paýtagtda ýeke ulagyň pyýadalara ýol bermän geçenini görmedim»- Ýatlama)

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen biraýlyk çäreler meýilnamasy geçirilýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen meýilnama esasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler.

“Özüňi süýt saýgyn,
Dostuňy gaýmak!”
Diýýärsiň sen atam,
Bu näme diýmek?
O nämüçin mydam
Süýt bolup özüm,
Dostum hem üstümde
Bolmaly gaýmak?
– Oglum, bu igenjiň
Nahakdyr nahak.
Özüňi süýt saýsaň,
Dostuňy gaýmak,
Onsoň gaýmak saýar
Dostuňam seni.
Onsoň senem gaýmak,
Dostuňam gaýmak.  Kerim Gurbannepesow

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle