TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Howpsuz aralykly täsin seýilgäh

Awstriýanyň binagärlik studiýosy “Studio precht” howpsuz aralyk bilen ýöremek üçin döredilen ajaýyp ýaşyl seýilgähiň dizaýnyny hödürledi. Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli, şäher ilatyny tebigatda gezelenç etmek üçin “Precht” studiýasynyň arhitektorlary, “Parc de la Distance” atly barmak yz görnüşde seýilgähiniň taslamasyny hödürledi. Bu labirint seýilgähi, dürli girelgeleri bolan köp ugurly ýollary öz içine alýar. Girelgäniň derwezesi açyk bolan ýagdaýynda, pyýada zolagynyň adamsyzdygyny we gelýän nätanyş adamlar bilen duşuşman ýöräp biljekdigini aňladýar. Her bir ýodanyň uzynlygy takmynan 600 metr ybarat bolup, munda adamlar ýodany pyýada ýöräp geçen mahalynda olaryň 20 minudy alyp biljekdigini habar berildi. Bu ýoda gapdallarynda ýerleşdirlen ösümlikleriň beýikligi we görnüşi bilen seýilgähe gelen adamyň saýlan ýoluna baglylykda üýtgeýär. Bu ajaýyp taslama Awstriýanyň Wena şäherindäki boş meýdançalaryň biri üçin döredildi. Muňa garamazdan, “Parc de la Distance” seýilgähiniň dünýäniň islendik şäheri üçin maslahat berilip bilinjekdigi nygtap geçildi. Şeýle hem ýaşyl oazisiň pandemiýanyň ahyrynda gymmatyny ýitirmejekdigini hem bellenilip geçilýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle