TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Howa şarlary

Adamzat  gadym  wagtlardan  bäri  uçmagy arzuwlap  gelipdir.  Gadym  zamanlarda  adamlaryň guş  ýaly  uçmagy  barada  köpsanly  rowaýatlar  we hekaýalar  ýazylypdyr.  Birinji  bolup  asmana göterilen  adam doganlar  Mongolfe  Jozef (1740-1810)  we  Jak  (1745-1799)  hasaplanýar.  Olar yssy  howanyň  sowuk  howa  görä  ýeňil bolýandygyny oýlap tapýarlar we howa şaryny bu howa  bilen  doldurýarlar.  Birinji  gezek  bu  howa şarynda  horaz  bilen  ördek  asmana  uçurulyp synagdan geçirilýär we 8 minut ýokarda saklanýar. Mundan  soňra  olar  1783-nji  ýylyň  21-nji noýabrynda  özleriniň  ýasan  howa  şarynda  Pariž şäherinden asmana göterilýärler.

1875-nji ýylda professor Jak Şarl wodorod bilen doldurulan  howa şaryny  döredýär.  Çünki  wodorod gazy yssy  howa  görä ýeňil hasaplanýar.  Şol ýylda iki  fransuz  Blonsar  we Jefri  bu  howa  şarynda uçýarlar.  Emma  howa  şarlarynyň  birnäçe kemçilikleri  bardy:  olary  dolandyrmak  kyn,  bu howa  şarlary ýokary  beýiklige  göterilende  ondaky adamlaryň  dem  almagy  agyrlaşýardy.  1852-nji ýylda  fransiýaly  Anri  Jiffar  birinji  howa  gämisini ýasaýar. Onuň uzynlygy 44 metr bolupdyr.  Ol hem aslynda  howa  şary  bolupdyr.  Oýlap  tapyjy  Anri Jiffar  onuň  asma  meýdançasyna  perli  bug maşynyny  ýerleşdirýär.  Ony  “dirižabl”  diýip atlandyrýar.  Şondan soňra howa şarlary özbaşdak dolandyrylyp başlanýar.  Öňler bolsa  howa şarlary howanyň  ygtyýarynda  hereketlenýärdi.  “Dirižabl” fransuz sözi  bolup,  “dolandyrylýan”  diýen  manyny aňladýar.  Iň uly “dirižabl 1898-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy  Ferdinand  Seppellin  (1838-1917) tarapyndan  döredilýär.  Onuň  “dirižably”  transport wezipesini  ýerine  ýetiripdir.  Bu  “dirižabllar” Ýewropanyň  şäherlerinde  gündelik howa gatnawlaryna çykyp başlapdyrlar. Emma köp wagt geçmän  “dirižabl”  döwri  tamamlanýar.  Oňa  1937-nji ýyldaky  iň  uly  “dirižablyň”  asmanda  partlamagy netijesinde  35  adamyň  heläk  bolmagy  sebäp bolýar. Mundan başga-da bu enjamyň hereketi örän haýal bolupdyr.

Oguljeren AŞYMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Döwletli maslahat – ösüşleriň buşlukçysy

Teswirle