TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Howa maglumaty: maýyl howalar dowam edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Ol “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Şoňa laýyklykda,

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… +4 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20… +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11… +16 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… +5 gradusdan +7… +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9… +14 gradusdan +21…+26 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… +5 gradusdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12…+17 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugryny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… +2 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12… +17 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5… +10 gradusdan +19… +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1… +3 gradusdan +9… +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10… +12 gradusdan +23… +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

 

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle