TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Howa maglumaty: howalar yssy bolmagynda galýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar çap edildi.
Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17… +22 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37… +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30… +35 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradus maýyldan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +37… +42 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18… +23 gradusdan +22… +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradus maýyldan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23… +25 gradusdan +26… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +35 gradus maýyldan +39… +41 gradus aralygynda yssy bolar.

 

Birža täzelikleri: iňlis telekeçileri ECO-93 benzinini satyn aldy

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle