DÜNÝÄ

Howa maglumaty (25 noýabr – 1 dekabr)

Türkmenistan gazetiniň 25.11.2019 senesindäki sanynda şeýle habar berilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 -17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan +2…+7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14…+19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6…+11 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän,

tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan +1…+6 gradus araly-gynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan +12…+17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2…+7 gradusdan +12…+17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5…-10 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2…+3 gradusdan +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7…-12 gradus sowukdan -1…+4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4…+1 gradusdan +4…+9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-4 gradus sowukdan +4…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3…+5 gradusdan +14…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ýene-de okaň

GDA-nyň oba hojalyk bilermenleri Aşgabatda geler

Wengriýanyň täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumyna gatnaşýar

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar