JEMGYÝET

Howa maglumaty: 10-16-njy maý aralygy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli habar ýerleşdirildi.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29… +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24… +29 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13… +18 gradusdan +16… +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25… +30 gradusdan +29…+34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24… +29 gradusdan +29… +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +16… +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24… +29 gradusdan +30… +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23… +28 gradusdan +28… +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14… +16 gradusdan +18… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27… +29 gradusdan +31… +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

PÝGG-niň jerimelerini online tölemek

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Daşoguz şäherine täze häkim bellendi

Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady