SIZDEN GELENLER

Hoşallyk maslahaty

2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça  dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş eden Ýulduz Jumabaýewanyň  1-nji orna we altyn medala mynasyp bolmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler  türgen gyzyň türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň  sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan goşandy barada nygtap geçdiler.

Sport ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda şeýle ruhubelent, maksada okgunly ýaş nesilleriň bolmagy olaryň boş wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga   ähli mümkinçilikleriň döredilip berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Hatyja Döwletnazarowa ,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

 

 

Bahar paslynyň gar sowgady

 

 

Ýene-de okaň

Zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň adam saglygyna peýdasy        

Çagalaryň saglygy bahasyz baýlykdyr

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär