JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynda boldy

Milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy.

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz nobatdaky saparyň sebitiň durmuşy, welaýatyň ägirt uly gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksadynda amala aşyrylýandygyny belläp, baý tebigy serişdelerden rejeli we netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň strategik wezipeleriniň biridigini nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar sebitde raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, gurluşyk işleriniň möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginiň, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz, onuň abadançylygy we rowaçlygy baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze iş orunlaryny döretmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Lebap welaýaty gazylyp alynýan serişdelere örän baýdyr, onuň oňat ulag-logistika ulgamy hem-de ägirt uly zähmet serişdeleri, şol sanda ýokary hünärli işgärleri we ýokary bilimli hünärmenleri bar. Milli Liderimiz munuň bu sebiti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak üçin ähli amatly şertleri üpjün edýändigini belledi. Biz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça bellän meýilnamalarymyzy amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz welaýata iş saparynyň çäklerinde Lebabyň atçylyk sport toplumyndaky işleriň ýagdaýy, onuň Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde geçirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň daşky çäklerini gözden geçirip, amala aşyrylýan işleriň dünýä ölçeglerine kybap gelmeginiň hem-de baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri bilen tanyşlygynyň dowamynda toplumyň maslahatlar zalyna baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde dabaraly çäreleri guramak üçin bolşy ýaly, oňa gatnaşýanlar üçin hem amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Şunlukda, täzeçil tehnologiýalara, sanly ulgama möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz arassa ganly tohum atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy, seýisçilik işleriniň ösdürilmegi, şeýle hem çapyksuwarlaryň kämilleşmegi, at çapyşyklarynyň ýokary derejede guralmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hususy atşynaslaryň bedewleriniň baýramçylyk at çapyşyklaryna gatnaşdyrylmagy bilen baglanyşykly mesele barada aýdyp, onuň hereket edýän kanunçylyga we bu ugra degişli bolan düzgün-tertibe laýyk ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hususy at eýeleriniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň degişli derejede çözülmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara foruma we dabaralara taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanşyp, atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek hem-de onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady