TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Ýurdumyzyň esasy baýramçylygy – Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy uludan toýlanýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň Baş meýdanynda dabaraly harby ýöriş hem-de beýleki dabaralar geçirildi.

Garaşsyzlyk meýdanyndaky dabaralaryň çäklerinde  türkmen halkynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işine çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan köp müňýyllyk milli taryhymyzyň we ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň nyşany bolan ajaýyp bedew sowgat berildi.

Dabarany alypbaryjy milli Liderimizden ählihalk söýgüsiniň we beýik hem-de asylly başlangyçlara goldawyň nyşany hökmünde “Buýsançly” atly  ajaýyp ahalteke bedewini kabul etmegini haýyş etdi.

Türkmen bedewleri ýurdumyzyň ähli baýramçylyklarynyň baş bezegi bolup durýar. Olaryň her biri ahalteke bedewleriniň şöhratly ýoluny dowam etdirijilerdir.

Soňra joşgunly sazyň astynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary baş meýdanda peýda boldular. Köp sanly halkara sirk sungaty festiwallarynyň baş baýraklaryna mynasyp bolan bu topar ýurdumyza daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik edýärler.  Türkmen atly ýigitleri öz ussatlyklary bilen hem ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlularyň uly söýgüsini gazandylar. Toparyň agzalarynyň çykyşlary asyl mekany Türkmenistan bolan ahalteke bedewlerine bolan uly hormatdan nyşandyr.

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

arhiw 2019

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Teswirle